Aralyk ekinler

14 Ýanwar 2021
2064

Diýarymyzyň toprak-howa şertleri mukaddes ene topragymyzda datly miwedir ir-iýmişleriň, gök önümdir bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge, bir ýerden iki hasyl almaga, hatda gyşda gyşlaýan ýorunja, güýzlük arpadyr bugdaý ýaly ekinleri ekip, üçünji hasylyň düýbüni tutmaga doly mümkinçilik berýär.

Ekin dolanyşygynyň aýlawyna laýyklykda, bir ýerden iki hasyl almak üçin güýzlük bugdaýdan soň gyşlaýan ekinlerden ýorunja, gant we gyzyl şugundyr, ot-iýmlik şugundyr, käşir, güýzlük kelem, işdäaçar otlar, düme we ýarym düme bakja ekinleri gowy netije berýär.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar