Bedene

13 Ýanwar 2021
5380

Her bir janly-jandara özboluşly häsiýet, gözellik mahsus. Bu guşlar babatynda hem şeýle. Guşlaryň guýrugy olaryň esasy bezegi hasaplanýar. Tawus guşunyň guýrugynyň owadanlygy hem aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Guýruksyz guş diýlende ilki bilen bedene göz öňümize gelýär. Eziz çagalar! Geliň, bedene guşy barada käbir maglumatlar bilen tanyş bolalyň.

Bedeneleriň guýrugy bolmasa-da özboluşly owadan guşdur. Biz munuň şeýledigine, olary synlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Goňur reňkli, çal tegmilli guşlar özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Gyş paslynyň geçip, ýazyň gelmegi bilen bedeneleriň döşlerinde ak tegmiljikler peýda bolýar. Bedeneleriň täsin häsiýetleri bar. Olar hiç wagt höwürtge ýasanmaýarlar. Bedeneler ot-çöpleriň, daşlaryň arasynda höwürtgeleýärler. Olaryň ýumurtgasy daşa meňzeşligi bilen tapawutlanýar. Bedeneleriň ortaça boýy 20 santimetre, agramy 145 grama barabar bolýar. Bedene jüýjeleri doglan gününden başlap özbaşdak hereket etmäge ukyplydyr. Bedeneler diňe bir ýabany däl-de, öý şertlerinde hem ýaşaýar.

Beýleki habarlar