Ýylyň şygary — täze üstünlikleriň badalgasy

12 Ýanwar 2021
1105

ÖŇŇIN Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen şu ýylyň çärelerine badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa welaýatyň, etrapdyr şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Dabarany Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jennet Geldymamedowa açyp, ýygnananlary Arkadagly döwrümiziň Täze ýylynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlap, 2021-nji ýylyň ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin rowaçly ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdi hem-de ýylyň şygary mynasybetli geçirilýän dabaranyň ähmiýetini belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda her ýyly özboluşly şygar astynda garşy almak, ýyla at dakmak asylly däbe öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar