Sagdynlygyň esasy şertleri

12 Ýanwar 2021
1185

Türkmen halkymyzda ähli gowulyklaryň sakasynyň saglykdygy aýdylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem keselleriň öňüni almakda, halkyň sagdyn durmuşyny üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar.

Saglyk, sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Bu bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimize baglydyr. Elbetde, adamyň jan saglygy köp ugurlar bilen baglanyşykly bolýar. Ýagny, sagdyn durmuş ýörelgesini özüňe endik edinmek, kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek iň derwaýys şertlerdir.

Gülnabat ÇARYÝEWA,
Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar