Ak garyň ýakymy

11 Ýanwar 2021
1530

Şatlyk-şowhun bilen garşylan täze ýyl arzuwlarymyzda biz ak garyň ýagmagynyň hem arzuwyny edipdik. Jomart tebigat şol arzuwlarymyzy aňan ýaly, Zemine ak garyny peşgeş etdi. Gyşyň ilkinji günlerinde, ýagny uly çillede ýagan gar Täze ýyl baýramçylygyna aýratyn gözellik eçildi. Şeýle hem rysgal-berekediň çeşmesi boldy. Ýüreklerimizi joşguna getirdi.

Synlaýan çekilip bilmezden gyra,
Bolarmyş ähli zat päliňe görä,
Bu golaýda beýdip ýagmandy, gör-ä!
Gar ýagýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar