Zähmetiň joşýan ýerinde

8 Ýanwar 2021
1907

Ahmet Berdiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýolöten etrabynyň „«Ýeňiş» daýhan birleşigi etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Hojalykda ak ekiniň idegi, gant şugundyryny ýygnamak, gowaça ekmeli ýerleri ekişe taýýarlamak işleri yzygiderlilikde alnyp barylýar.

Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň orak möwsümini üstünlikli tamamlap, ýerlerini ekişe irgözünden taýýarlap goýdular. Şeýlelikde, güýz paslynyň ilkinji günlerinde 1100 gektar ýere «Biriň müňlesin!» diýen ýagşy umytlar bilen topraga tohum sepdiler. Ekişden soň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda suw tutmak, iýmitlendiriş işlerini geçirmek işlerini yzygiderlilikde ýerine ýetirýärler. Şonuň netijesinde bu günki günde meýdan ýaşyl mahmala bürendi.

Beýleki habarlar