Dabaraly maslahatlar geçirildi

6 Ýanwar 2021
1501

Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän ýaş esgerleriň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen terbiýeçilik agşamy geçirildi. Ýaş esgerleriň syýasy sowatlylygyny artdyrmak, olara hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatsöýüjilige esaslanýan daşary syýasy ugruny giňişleýin düşündirmek maksady bilen geçirilen terbiýeçilik agşamynda serkerdelerdir göreldeli esgerler çykyş etdiler. Olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň amala aşyrýan hoşniýetli daşary syýasatynyň diňe bir ýurdumyzda hem-de sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini, şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Çykyşlarda eziz Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi dogrusynda hem nygtaldy.

Terbiýeçilik agşamynyň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaş esgerler ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgularyny okap berdiler. Munuň özi terbiýeçilik agşamynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Beýleki habarlar