Abadançylygyň gözbaşy

6 Ýanwar 2021
1502

Şu günler howanyň sowamagy bilen baglylykda ähli ýerlerde otaglary ýyladyjy elektrik we gaz enjamlary örän köp ulanylýar. Şeýle bolansoň, otaglary ýyladyjy elektrik-gaz enjamlarynda dürli näsazlyklar esasynda ýangyn döremek howpunyň ýüze çykmak ähtimallygynyň bardygyny unutmaň. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmeklige çagyrýar. Aýratyn üns berilmeli zat hem, soňky wagtda giňden ýaýran elektrik we gaz enjamlaryny gurnamak, olarda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik, gaz geçiriji özbaşyna aýratynlykda geçirilip, olaryň ugrunda awtomatiki goraýjylarydyr gaz geçirijini ýapyjy nurbatlary oturtmagy unutmaly däldir.

Ýyladyjy peçleriň saz işleýşini barlamaly, şeýle-de peçleriň tüsseçykarlaryny gurumlardan öz wagtynda arassalamaly. Peçlere barýan gaz geçirijiler demir turbalar arkaly geçirilmeli. Gaz peçleri çendenaşa gyzdyrmak, töwereginde geýimleri guratmak we beýleki ýanyjy öý goşlary goýmak, işjeň ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmak gadagan. Gaz-elektrik plitalarynda nahar ataryp, gözegçiliksiz galdyrmak ýa-da kiçi ýaşly çagalara gözegçilik etmegi tabşyrmak talabalaýyk däldir. Näsaz we emeli usulda ýasalan gyzdyryjy gaz, şeýle hem elektrik enjamlaryny ulanmaly däl. Elektrik gyzdyryjy enjamlary, ýagny, ütük, suw gaýnadyjy, otag ýyladyjy we beýleki enjamlar ulanylmazdan öň, olaryň aşagyna oda durnukly gatlagy düşemeli. Birnäçe kuwwatly elektrik energiýasyny sarp edijileri bir birikdirijä birikdirmek örän howpludyr. Jaýyň elektrik we gaz ulgamynda özbaşdak gurnama-abatlaýyş işlerini geçirmek, näsaz elektrik birikdirijilerini, geçirijilerini ulanmak gadagan edilýär.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 1-nji bölüminiň wagyz-nesihat bölümçesiniň müdiri.
Beýleki habarlar