“Täze Aý” haryt nyşanly, Naz-nygmatlar mekany

6 Ýanwar 2021
3006

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe giň gerimli işlere badalga berdi. Milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýyl geldikçe artýar. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup, täze kuwwatlyklar işe girizilýär.

Islegli harytlary, önümleri öndürip, ilata hödürleýän telekeçiler, hususyýetçiler, hususy kärhanalar biziň welaýatymyzda-da sanardan köp. “Täze Aý” haryt nyşanly, ýokary hilli azyk önümleri diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uly islegden peýdalanýar. Halk köpçüliginiň islegini öwrenip, “Täze Aý” haryt nyşany bilen, süýt we süýt önümleriniň, et önümleriniň, konditer önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanyp ak bazarlara, söwda nokatlaryna elýeterli bahalardan çykarylýar we alyjylara hödürlenýär.

Beýleki habarlar