Paýhas diwany — dünýä dillerinde

4 Ýanwar 2021
1819

Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýene-de birnäçe daşary ýurt dillerine — türk, arap, fransuz dillerine terjime edilip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine hem terjime edildi. Bu sanawyň yzygiderli artmagy milli Liderimiziň gymmatly eserlerine dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygynyň, döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Kitap 12 bölümden ybarat bolup, olarda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky: «Häzirki wagtda halkara giňişlikdäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr» diýen sözler halkymyzyň dost-doganlyga uly ähmiýet berýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baş ýörelgelerini alamatlandyrýar.

Nury ATAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar