Täze ýyl — arzyly baýram

2 Ýanwar 2021
1718

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Täze ýyl baýramçylygy dabaraly bellenilýär. Her bir baýramçylygyň öz täsiri we garşylanylyşy bolýar. Baýramçylyklaryň bir-birinden tapawutly bolşy ýaly, olaryň adamlarda galdyrýan täsirleri-de üýtgeşikdir. Täze ýyl baýramçylygy welin, iň bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk täze bir ýylyň başlanmagyny aňladýar. Şonuň üçin geçen ýyly dabaraly ýagdaýda tamamlap, Täze ýyly uly joşgun bilen garşylamak däbe öwrüldi. Şeýle-de halkymyzda bir yrym bar. Täze ýyl saçagyny näçe bol edip, dürli-dümen nygmatlardan doldursaň, geljek ýyl hem şonça bereketli, rysgally bolarmyşyn diýilýär. Şol sebäpli, Täze ýyl saçagyny giňden ýazan halkymyz öz bereketli desserhanynyň iň bir süýji, lezzetli nygmatlardan doldurdy. Täze ýyl maşgala baýramçylygydyr. Her kim Täze ýylda öz öýünde, maşgalasynyň arasynda bir saçagyň başynda jemlenýär.

Goý, 2021-nji ýyl halkymyza rowaçlyklar getirsin! Uly şatlyk-şowhun bilen maşgala agzalarynyň arasynda garşylanan Täze ýylda rysgal-berekediň, döwletliligiň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Şöhrat ÇERKEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Hazar deňiz gözegçilik-geçiriş ýeriniň migrasiýa nokadynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar