Gel, Täze ýyl, töre geç!

1 Ýanwar 2021
1740

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly geljege ynam bilen garşylandy

31-nji dekabrda — 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň hem-de parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň guraldy. Olar Täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar