Beýik ynam we belent maksatlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basyldy

1 Ýanwar 2021
1748

Täze ýyl baýramy bütin ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere ser salyp, onuň netijelerine baha bermegiň we täze maksatlary kesgitläp, hoşniýetli umytlar, ajaýyp arzuwlar, nurana geljege bolan egsilmez ynam bilen ömür kitabynyň täze sahypasyna başlamagyň wagtydyr. Milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besläp, ajaýyp arzuwlar we belent maksatlar bilen Täze ýyly garşy aldy.

Täze — 2021-nji ýyl eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçer. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp öňe sürlen bu şygarda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylygy, abadançylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan syýasaty şöhlelenýär.

«Watan».
Beýleki habarlar