Täze ýyl — täze üstünliklere badalga

1 Ýanwar 2021
1643

Türkmen halkynyň her bir ýyly ruhubelentlik bilen garşy almak däbi bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz dünýäde belent abraýa mynasyp bolýar. Şeýle beýik ösüşleriň nurana ýolunda bagtyýarlyk bar. Ynha, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl hem halkymyza we umumadamzada parahatçylygyň we ynanyşmagyň bagtyýarlygyny alyp geldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz ildeşlerimiz täze 2021-nji ýyla — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna tüýs ýürekden buýsanýar.

Täze ýyl uludan kiçiniň iň söýgüli baýramy hasaplanýar. Şonuň üçin hem bu nurana baýramda uly-kiçi — hemmeler şatlyga, joşguna beslenýär. Ýylyň şeýle ajaýyp hem nurana at bilen gelmegi bolsa biziň her birimiziň ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak türkmen halkynyň milli ýörelgelerini kemala getirýär, bagtyýarlygyň nurana ýoluny ösüşlere besleýär.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar