Röwşen geljegiň binýady

8 sagat öň
10

Ata Watanymyzda ýaşlar baradaky alada birjik-de ünsden düşürilmeýär. Hut şonuň üçin ýaşlaryň bilimleri kämil ele almaklary, hünär eýeleri bolmaklary bilen birlik-de olaryň watansöýüji, milli gymmatlyklarymyza ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak döwletimiziň baş aladasydyr. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary yzygiderli geçirýäris.

Şeýle ähmiýetli çärelerde pederlerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky durmuş tejribelerine, halkymyzyň milli ýörelgelerine salgylanylýar. Çünki ata-babalarymyzyň wesýetlerine, pähim-paýhasyna eýermek, olary ýol-ýörelgesini dowam etdirmek biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur. Bagtyýar ýaşlar hem özleri hakynda edilýän aladalara ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda we sportda gazanýan uly ýeňişleri bilen jogap berýärler. Döwletimiziň ykdysady, syýasy kuwwatynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýan, bu ugurda yhlas-tagallalaryny gaýgyrmaýan ýaşlarymyzyň beýik üstünlikleri, guwandyryjy netijeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde hem öz beýanyny tapýar.

Atajan ÝAGMYROW,
welaýat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar baradaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik baradaky bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar