Diýarymyň ýüregi sen, Aşgabat!

1 gün öň
9

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Ajaýyp binagärligi özünde jemleýän, milli öwüşginleri bilen göreni haýrana goýýan, hatar guraýan owadan binalaryň, önümçilik kärhanalaryň, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk maksatly desgalaryň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň utgaşykly sazlaşygy paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Bu binalar diňe daşky gözelligi bilen däl, eýsem, ýokary hil derejesi, dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen hem tapawutlanýar. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejede geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp bolup, olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelýän Aşgabady binagärlik sungatynyň kämil nusgasyna öwürmek işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gözel paýtagtymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Açylyp ulanylmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy halkymyzyň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän gözel paýtagtymyz Aşgabat bu gün bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna, Garaşsyzlyk döwrümiziň ýeten belent derejesiniň nyşanyna öwrüldi. Şeýle gözel binalaryň jemlenen mekany bolan paýtagtymyz dünýäniň iň ösen şäherleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar.

Intizar KULLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar