Gadymy Änew — ekerançylygyň mekany

1 gün öň
30

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan wakalar bolup geçýär. Halkara TÜRKSOÝ guramasynyň Karary bilen, Aşgabadyň etegindäki Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi-de olaryň biridir. Munuň özi ata-babalarymyzyň gülläp ösen gadymy mekany bolan bu şäheriň, onuň töweregindäki medeni hem-de ekerançylyk merkezleriniň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen arheologik barlaglar onuň dürli ýerleriniň irki döwürlerde ekerançylygyň, hünärmentçiligiň ösen ýerleriniň biri bolandygyny tassyklaýar. Günorta Türkmenistanda, gojaman Köpetdagyň eteginde Jeýtun medeniýetiniň ösen döwründe däneli ekinleriň has köp ekilendigi barada maglumatlar bar. Şoňa görä hem, bu ýerler medeni ösümlikleriň dörän künjekleriniň biri hasap edilýär. Bu barada görnükli daşary ýurt alymlarynyň birnäçesiniň ýazgylarynda geçirilen barlagyň esasynda alnan anyk deliller getirilýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar