Nesilleriň ýörelgesi

1 gün öň
20

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp, geňeşip çözmek ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir.

Häzirki wagtda ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýär. Milli demokratik däplerimize we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribeden ugur alnyp geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar.

Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar