Dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylar

1 gün öň
20

Häzirki günlerde polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Dabaraly ýörişe gatnaşjak harby gullukçylaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen geçirilýän çäreler bolsa, has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze açylan ak mermerli binalar toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatyna dabaraly harby ýörişiň harby gullukçylary hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Ýaragly Güýçlerimizde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi.

Röwşen ORAZDURDYÝEW
maýor.
Beýleki habarlar