Jebisligiň berk binýady

1 gün öň
20

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, onuň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalmagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeleriň netijesidir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu il bähbitli döwlet çäresi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar