Belent ykbally bedewler

1 gün öň
14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň ykbaly has-da belende göterildi. Türkmen aty, halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý-sepleri, alabaý iti — bularyň ählisi-de halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary bolup, olaryň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Ata-babalarymyzyň uly yhlas, höwes, zehin bilen ýetişdiren bedewleri dünýäde meşhurlyk gazanyp, ahalteke bedewiniň adyny, gözelligini, mertebesini äleme aýan etdiler. Türkmen halkymyz gadymyýetden atçylygy ösdürip, ony ýokary kämillige ýetiren halkdyr. At waspy türkmeniň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Atlaryň reňkine, kime degişliligine, owadanlygyna, dogduk ýerine görä-de olara at dakypdyrlar.

Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen tebigatynda ösüp ýetişmeginde, müň lybasly türkmen topragynda doglup, boý almaklarynda uly many bar. Eziz ýurdumyz — jennedi mekan Türkmenistanyň dal bedewleri bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Diýarymyzda türkmen atlaryna bagyşlanyp geçirilýän gözellik bäsleşikleri-de, halkara maslahatlary-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedew atlara goýýan uly sarpasydyr. Olara dünýäniň dürli döwletlerinden alymlaryň, atşynaslaryň gatnaşmagy hem türkmen bedewlerine dünýäniň gyzyklanmasyny görkezýän mysallardyr.

Gülbossan ORAZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar