Meýilnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar

1 gün öň
13

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Hususan-da, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeginde guramaçylykly we özboluşly çäreleriňdir maslahatlaryň geçirilmegi, olarda ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri hakynda nygtalmagy, ösüp gelýän ýaş nesil üçin edilýän tagallalaryň biridir. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdepleriniň başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini ýaş nesle düşündirmek, şeýle-de Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplaryny gollanyp, ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini öwretmek we halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Ilkinji ädim» atly utgaşykly kitaby körpe nesillerimize, bilim edaralaryna paýlanylýar we düşündirilýär.

Kitapdaky dürli reňkli şekiller we ünsi talap edýän ýumuşlar bilen baglanyşykly taýýarlanan sowallar arkaly tele we radioýaýlymlarda habar (SMS) bäsleşigi geçirilýär. Ol bäsleşikde 0560 gysga belgä kod (SMS) iberip, ýeňiji bolan ildeşlerimize ýurdumyzyň çäginde hereket edýän kitap dükanlaryndan «Ilkinji ädim» atly kitap sowgat berilýär. Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri, kitapda QR-kod ýerleşdirilip, onuň üsti bilen körpe nesillerimiz üçin PÝGM-i hem-de köpçülikleýin habar serişdeleri bilen bilelikde taýýarlanan animasiýa multfilm sowgatlarynyň bardygy ähmiýetlidir.

Ýazmuhammet ÝAZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň işgärler bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar