Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

1 gün öň
21

Eziz Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça biraýlygyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda maýor Mukam Akjaýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem-de edara-kärhanalarynda welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, podpolkownik Begenç Amanow hem-de şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Şamuhammet Gurbanow dagynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Süleýman GURBANALYÝEW,
Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, maýor.

Öwezmyrat ÖREKOW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.
Beýleki habarlar