Wagyz-nesihat çäresi

1 gün öň
9

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary,  etrabyň polisiýa bölümi bilen   bilelikde welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Ýollarymyz asuda, illerimiz aman bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda guralýan wagyz-ündew işleriniň ýollarda howpsuz hereketi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi, awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmaklydyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta  berjaý etmelidikleri barada gürrüň etdiler.

Gülkamar Nyýazmyradowa,
TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar