At-abraýy arşa galýan «akylly» şäher

1 gün öň
10

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyna, ykdysady kuwwatynyň gitdigiçe artýandygyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyna geçen ýylyň 29-njy iýunynda halkara jemgyýetçilik ýene bir ýola aýdyň göz ýetiripdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şol şanly günde taryhy waka bolup geçip, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen dörän nusgalyk Arkadag şäheriniň medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-syny özünde jemleýän birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy dünýä ýaň salypdy. Şonda sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşupdy.

 Golaýda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ýokary ruhubelentlikde barýan bagtyýar halkymyzyň başyny göge ýetiren şanly waka bolup dabaralandy. Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara sylaglara mynasyp bolmagy, özem  «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanmagy aýratyn buýsançlydyr.

Azat ÇARYÝAROW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar