Milli guwanjymyz

1 gün öň
16

Agzybir halkymyz ajaýyp baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Dabarasy has-da uludan tutulýan bu şanly toýy ýokary derejede, mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksadydyr. Şonuň üçinem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän buýsançly günlerinde önümçiligiň ähli pudaklarynda iş depginleri has-da ýokarlanyp, täze-täze zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen gülläp ösüşiň aýdyň ýolunda röwşen geljege ynamly ugur aldy, jemgyýetimiz bütinleý özgerip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işlere badalga berildi. Şeýlelikde, häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýäni haýran edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek we adamlar üçin iň oňat durmuş şertlerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar.

Laçyn ATABAÝEWA,
welaýat raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar