Ykbalyň eçilen bagty

1 gün öň
18

Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary we dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Bir söz bilen aýdylanda, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny gazanandan bäri geçilen menzillere, ýetilen sepgitlere nazar aýlanymyzda, asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyna göz ýetirmek bolýar.

Döwlet Garaşsyzlygymyz biziň guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwletliligini, baky bagtyýarlygyny berkarar etdi, erkana gurmaga, döretmäge aýdyň ýollary açdy. Bu gün her gysym topragy merdana halkymyzyň watansöýüjiligine, gahrymançylygyna, paýhas-parasatyna ýugrulan ata Watanymyzyň ähli ýerinde beýik işleriň rowaçlygy, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy höküm sürýär.

Maýsa MÄMMEDOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk inženeri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar