Iş bitirseň, il tanaýar

1 gün öň
18

Ýurdumyzda durmuş we iş tejribesi ýetik zähmet adamlarynyň sarpasy belent tutulýar. Şeýle adamlaryň biri-de ömrüni nebitgaz pudagyna baglan, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Nurmämmet Hançarowdyr. Ol 1946-njy ýylda Bereket etrabynyň Joýruk obasynda işçi maşgalasynda dogulýar. Orta mekdebi tamamlandan soň, Nebitdag, Ekerem nebitgaz meýdançalarynda täze gazylýan guýular üçin buraw erginlerini taýýarlaýjy bolup işleýän kakasy Hançar Ýarmämmedowyň ýanynda nebitçi bolup iki ýyla golaý wagt işleýär. 1965-nji ýylda Türkmen politehniki institutyna okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini 1970-nji ýylda tamamlap, Goturdepe buraw işleri müdirliginde inžener-geolog, uly inžener wezipelerinde işleýär.

Günorta-Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde uglewodorod gorlarynyň möçberini anyklamak maksady bilen, 1973-nji ýylyň ahyrynda gözleg-barlag işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şonda «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde Ekerem buraw işleri müdirligi döredilip, onuň esasy wezipesi ýurdumyzyň günorta çetki çäklerinde nebitgaz känlerini gözlemek we açmak bolup durýar. Tejribesiniň bardygy sebäpli, N. Hançarow bu müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy wezipesine bellenýär. Ilkinji gözleg guýusyny gazmak Keýmir gözleg meýdançasyndan başlanýar. 1978-nji ýylda gözleg guýusynyň çuňlugy 3400 metre ýetip, onuň kesiminde, nebitgaz ýatagynyň eteki gyzyl reňkli gatlagynda önümli gatlaklaryň dokuza golaýynyň bardygy anyklanýar. Täze açylan gatlaklarda synag-barlag işleri geçirilende, nebit çüwdürimi we gaz akymy alynýar. Bu üstünlik müdirligiň hünärmenlerini täze meýdançalary açmaga ruhlandyrýar.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar