Ýolumyz asuda, ilimiz abadan bolsun!

1 gün öň
11

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde welaýatymyzyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň arasynda yglan eden «Ýaşyl yşyk» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi.

23-nji çagalar bagynda geçen bäsleşikde çagalar baglarynyň terbiýeçileri köçeleriň kesişýän çatryklaryny şekillendirýän maketleri ýasap, şolaryň esasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Bäsleşikde «Ýaşyl yşyk» mowzugy esasynda sergi guralyp, onda çagalaryň çeken suratlary, ýelimlemek, gurnamak esasynda taýýarlan şekilleri, mowzuk boýunça çagalar baglarynda geçirilen çäreleri beýan edýän görnüşler ýerleşdirildi. Körpeleriň gatnaşmaklarynda guralan sahna oýunlary, olaryň ýerine ýetiren aýdymlary, labyzly okan goşgulary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Beýleki habarlar