Şanly senä bagyşlandy

1 gün öň
36

Tejen etrabyndaky Dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada täsirli söhbet etdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar