Hormatly Prezidentimiz german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

1 gün öň
3

17-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar