«Baglarymda iýmiş bişdi...»

2 gün öň
26

Bereketli türkmen topragynyň üstünde bitýän naz-nygmatlar gözüňi dokundyrýar. Yhlasyňy siňdirip ýere sepen ýekeje tohumyň, şänigiň müňläp hasyl eçilýär. Toprak seniň oňa bakyşyňdan, eliňe pil alyp tekizleýşiňden, tohum sepişiňden, suwaryşyňdan içki pikiriňi, yhlasyňy aňýar, seniň bilen sessiz sözleşýär. Yhlasyňa görä jogap berýär. Üstünden erenler hasasyny dürtüp, rysgal-döwlet paýlap geçen, ene mähriniň yssysyny ýada salýan sahawatly ýeriň «ene toprak» diýlip, ezizlenmesiniň gözbaşy şol düşünjelerden gaýdýan bolmaly. Bular barada ýaş bagban Mähriban Öwezmyradowa bilen duşuşanymyzda köp pikir alyşdyk.

— Men Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Görelde obasynda doguldym. Oba ýerinde önüp-ösemsoň, gözümi açyp görenim ekerançylyk meýdanydy, sebäbi gapymyzdaky mellek ýerimizde güller, baglar ekilgidi. Kakamyň olara hyzmat edişini görüp, doganlarym bilen gülleri suwarardym, baglarda miwe bişse, ýygyşardym. Ene toprak bilen iş salyşmak ruhuňy galkyndyrýar — diýip, Mähriban gürrüňe başlady.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar