Joşguna beslendi

1 gün öň
29

Babadaýhan etrabyndaky Babadaýhan dokma toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Ahal welaýat birleşmesiniň, şeýle-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahata dokma toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Maslahatda ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dokma senagaty pudagynyň hem düýpgöter ösendigi, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün pudagyň önümçilik kuwwatynyň sazlaşykly ýokarlanýandygy, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberleriniň artýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Ruhubelentlikde geçen maslahatyň dowamynda Babadaýhan dokma toplumynyň işçi-hünärmenleriniň ýurdumyzyň ýeňil senagaty pudagynyň ösüşlerine goşýan saldamly goşantlary barada aýdylanlar gyzgyn garşylandy.

Oguljeren ŞYHYÝEWA,
Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy. SURATDA: dabaraly maslahatyň çägindäki aýdym-saz çykyşyndan pursat.
Beýleki habarlar