Türkmenistanyň Prezidenti Astanada nemes işewürleri bilen duşuşdy

2 gün öň
45

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Astanada bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň maksatnamasyny german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmakdan başlady. Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän «Garaşsyzlyk» köşgünde guralan duşuşyga GFR-iň resmi we işewürler wekiliýetleriniň agzalaryndan ybarat bolan 20-ä golaý wekil gatnaşdy. 

Hormatly Prezidentimiz duşuşykda çykyş edip, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmalaryň barha artýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini belledi. Şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz geçen döwürde Germaniýanyň işewür toparlary, iri kompaniýalary we bank ulgamy bilen gatnaşyklaryň baý tejribesiniň toplanandygyny, durnukly hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, ony anyk şertlerde ösdürmek we dowam etdirmek bilen bagly teklipleri öňe sürdi.

«Türkmenistan»
Astana ş.
Beýleki habarlar