Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2 gün öň
13

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi paýtagtymyzdaky "Garagum" myhmanhanasynyň ýanynda geçirmegi meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri, geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar