Watan söýgüsi ähli ýürekleri birleşdirýär

16 Sentýabr 2024
49

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.

«Nesil».
Beýleki habarlar