Halk häkimiýetliliginiň kämil nusgasy

16 Sentýabr 2024
43

Halkymyz ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirip, halk häkimiýetiniň häzirki zaman milli nusgasyny döretdi. Bu ýol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däplerimizi we ýörelgelerimizi özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň döredilmegi hem döwletimizde agzybirligi, jebisligi mundan beýläk-de berkitmäge, netijede, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Demokratik ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmakda, berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriler.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar