Halkymyzyň milli buýsanjy

16 Sentýabr 2024
49

Garaşsyzlyk türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslikdir, il agzybirliginiň nyşanydyr, parahatsöýüjiligiň beýik nusgasydyr. Bu gün halkymyz her bir ynsanyň bagtyýar bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän tutumly işler hem-de toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzy has-da kuwwatly döwlete öwürmek bilen birlikde, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilendir.

Öwezgeldi ATAGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar