Watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolup, sanlyja ýyllaryň dowamynda dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrüldi. Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň mertebesini, döwleti dolandyrmakdaky nusgalyk işlerini älem-jahana ýaýdy.
Halkymyz agzybirlikde, jebislikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen garşy alýar. Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli bilime, ylma, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.