Görseň üzüm, düzüm-düzüm (Publisistika)

16 Sentýabr 2024
51

«Ir turan işinden dynar» diýleniň mysaly şu bolmaly. Gadymy Garadaşaýak obasynyň horazlary daňdan bolanyny buşlap ýetişmänkä, guýlan kenek ýaly ykjam göwreli, orta boýludan bugdaýreňk, tegelek ýüzli adam eýýäm demirýoluň ilersindäki üzümçiligiň içinde «gögerene» meňzäpdi. Hä-ä, eýýäm gapydaky baggoýunlara, sagylýan sygra, eýesini görenden käkeleşip ugran towuk-jüýjelere ot-suwuny beribem ýetişipdi. Eždatlaryň «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýen gadymy aýtgysy ekine hem degişli bolmaly. Gör-ä, joýasyna girersiň weli, daň çygyna hasam ýazylan ýaşyl ýapraklar, sen golaýlanyňdan terleniberýän hoşalar gözüň düşenden has agramlanyberýän ýaly. Öňki daýhanlar aýdyp gidipdir-ä: «Ekin eýesiniň eli degse, düýbünden göterilen ýaly boluberer» diýip. Her gezegem pederiniň pendini ýatlar: «Ekinçi bolma, çyn babadaýhan boljak bol. Onsoňam «Ýeriň azy eklär, malyň — köpi» diýleni gulagyňda bolsun. Bir gysym ýere yhlas et, on gulaç ýere barabar hasyl-hümmet eçiler. Bilgin, gadymy Büzmeýin üzümiň tüýs mesgenidir. Akşekerek, gara halyly, bidäne, gelinbarmak, düýegöz... garaz, diňe şu toprakda «hakyt däliräp bitýär» diýilýän görnüşleri bardyr. Başga ýerlerde-de göze doly üzüm bardyr, howasyna, topragyna, suwuna görä. Ýöne Büzmeýiniňki irem bişer, her hoşasy «oglanyň kellesi ýaly» diýilýänem bolar, tagamam bir iýseň, ýene küýseder durar. Onsoňam «Üzüm — özüm» diýleninem unutma. Üzüm töweregine başga agaç-miwe getirilse halaýan däldir. Yrýa zady bolmaz özüniňem. Iň bärkisi, akrap aýazy degenden soň dökülen, özem miwäniň tagamy siňip, galňap, saralyp giden ýapraklaryny hatarynyň içinden süri geçirip, goýun-geçä iýdir, ýogsamam ýygyp-düýrüp, eltip öňüne dök, nädersiň edil üzümiň özüni iýen ýaly eti galňaberse. Al, emma düýbünde hapa-haşal otuň düşnügem bolmasyn, oňarsaň şüdügärläp taşla bahar ahyrynda. Soň suw degirme...

Gulagyna azan okalanda Şadurdy aganyň bu perzendine dakan ady Bäşimdurdy bolsa-da, il içinde «Bäşim aga» diýlip tanalýan adam şeýdip özgelerden ökde bagban, ady köp ýere ýaýran seýis, sepen tohumy müňläberýän daýhan bolup ýetişdi. Eger ýoluňyz düşüp, «Aşgabat — Gökdepe aýlawly ýoly» diýilýäni bilen gidiberseňiz, gadymy Garadaşaýak obasyna sowulýan aýyrda ýetip, dik ilerligine gidäge-de, demir ýoldan ötüp, saga sowulsaňyz, giden üzümçilige gözüňiz düşer. Eger birden ýalňyşaýmaýyn diýip, agyn üzümçilik bolup ýatan meýdanda güýmenip ýören birinden sorasaňyzam, derrew şeýle diýer:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar