Bagtyýarlyk nury

16 Sentýabr 2024
48

Bagtyýar türkmen halky 27-nji sentýabrda Watanymyzyň baş baýramyny — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçer. Şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyza 33 ýyl bolýar. Taryh üçin uzak bolmadyk geçen döwrüň içinde ýurdumyz düýpgöter özgerip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Täze obalar, şäherçedir şäherler, döwrebap medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, köp sanly kaşaň ymaratlar... bularyň ählisi mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň eçilen miweleri. Milli ykdysadyýetimiziň beýik ösüşlerine, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine hem diýseň buýsanýarys.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň guraljakdygy barada aýdylmagy bizi diýseň begendirdi. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere nazar aýlamakda bu serginiň ähmiýeti uly bolar.

Arapgeldi RAHMANOW,
Gökdepe etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar