Watanymyzyň ösüşlerine buýsanç

16 Sentýabr 2024
45

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda duşuşyklardyr maslahatlar, “tegelek” stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary hem şeýle mazmunly duşuşyklara işjeň gatnaşmak bilen, etrabymyzyň ýaşlaryna Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar barada gürrüň berýärler.

Wagyz-nesihat duşuşyklarynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şonuň çäginde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi baradaky söhbete hem aýratyn üns çekilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýokary ahlakly, bilimli, sagdyn ruhly, watansöýüji nesli kemala getirmek babatdaky tagallalaryň ýaşlarda gyzgyn goldaw tapýandygyna ýerlerde geçirýän çärelerimizde buýsanç bilen göz ýetirýäris. Şeýle ajaýyp döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza etrabymyzyň ýaşlarynyň alkyşy tükeniksizdir.

Döwran NOWRUZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar