Düzgünler berjaý edilmelidir

16 Sentýabr 2024
28

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary, şol sanda ýol-ulag ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar. Muňa ulag serişdelerini tehniki barlagdan geçirmekligiň düzgünleriniň kämilleşdirilmeginiň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Ulag serişdeleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bellige alyş we synag birliklerinde hasaba alnan ýeri boýunça tehniki barlagdan geçirilýär. Ulag serişdeleriniň tehniki barlagyny geçirmegiň esasy maksady ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna baha bermekden, olaryň sanyny, degişliligini we bellige alyş maglumatlaryny deňeşdirmekden ybaratdyr. Ýuridiki hem-de fiziki şahslar özlerine degişli ulag serişdelerini tehniki barlagdan geçirişe getirmäge borçly bolup, fiziki şahslar ulag serişdesiniň san belgisiniň soňky sanyna laýyklykda degişli aýda, ýuridiki şahslar bolsa meýilnama boýunça göz öňünde tutulan möhletde degişliligi boýunça ulag serişdelerini bellenilen ýere getirmelidirler. Ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýy enjamlary we serişdeleri ulanmak bilen ýa-da olary ulanmazdan gözden geçirmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Sylap Şyhdurdyýew,
Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň ýanyndaky awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar