Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

16 Sentýabr 2024
44

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny gurduryp berendigiňiz üçin Size Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň adyndan tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

M.GAÝYPNAZAROW,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy.
Beýleki habarlar