Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

16 Sentýabr 2024
38

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Siziň ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz eziz Watanymyza buýsanjymyzy we söýgimizi has-da artdyrdy. Siziň ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkara abraýyny has-da beýgeltmäge, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tutumly başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylar.
Beýleki habarlar