Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi geçirildi

15 Sentýabr 2024
17

10-11-nji sentýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň («TIF — 2024») we ugurdaş serginiň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi geçirildi. Oňa dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary, türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti çykyş etdi. Ol, öz gezeginde, Türkmenistanyň maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtlaryň hatarynda öňe saýlanýandygy, ägirt uly uglewodorod gory, nebiti we gazy gaýtadan işleýän, eksporta niýetlenilen polietilen, polipropilen ýaly ýokary hilli önümleri öndürýän milli önümçilige eýedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «RID Batteries» kompaniýasynyň baş direktorynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agza-habarçysy, tehniki ylymlarynyň doktory Rahmanguly Esedullaýewiň, Koreýa Respublikasynyň «BHI Co. Ltd» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan ylmy we tehnologiýalar parkynyň prezidentiniň çykyşlary diňlenildi.

Beýleki habarlar