Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlament forumyna gatnaşdylar

15 Sentýabr 2024
17

Hywa şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahaty geçirildi. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde, zenan-gyzlaryň we ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşynda işjeňligini gazanmakda toplanan milli tejribeleri paýlaşdylar, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze oňyn ýörelgeler barada çykyş etdiler. Maslahat Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlamentler derejesinde goldamaga, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmaga gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

Yslamberdi TYLLANUROW,
TDBGI-niň uly mugallymy.
Beýleki habarlar