Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli sport çäresi geçirildi

15 Sentýabr 2024
20

13-14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sportuň kiçi-futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Astrahan we Stawropol sebitlerinde hemişelik ýaşaýan türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryndan ybarat toparlar gatnaşdylar.

Çekeleşikli ýagdaýda geçirilen ýaryşyň jemlerine görä ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy. Has gowy oýun görkezen oýunçylar «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy hüjümçi», «Iň gowy derwezeçi» ýaly ýörite sylaglar bilen sylaglandylar.

Maýsa NURÝAGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar