Sungata baglanan kalbyň sesi

15 Sentýabr 2024
18

Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen halkynyň saza, sungata goýýan sarpasy örän beýikdir, diýseň uludyr. Munuň şeýledigini ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynyň ägirt uly ösüşlerinde hem görmek bolýar. Ynsanyň lezzetli durmuşynyň mazmuny, älemgoşar deý müň bir öwüşginli hezilligi aýdym-sazyň ýiti jadysyna eýlenip, has-da süýjeýär, has-da juwanlaşýar. Hut şonuň üçin-de, milletimiz aýdym-saza aýratyn uly hormat goýup, ony mukaddeslik derejesinde sarpalaýar. Ynha, bu ýyl bolsa, ýaş zehinleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň baýragyny almak ugrunda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Şol gün sungata baglanan kalbym bagtdan püre-pürlendi, aýdym-saza bolan höwesim has-da hyruç aldy. Tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edilip, olaryň hatarynda maňa-da ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti has-da artdy.

Aýnur GURBANMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar