1 milliarda ýetdi

15 Sentýabr 2024
14

Kriştianu Ronaldu sosial sahypalaryndaky yzarlaýjylarynyň umumy sany 1 milliarda ýeten ilkinji şahsyýet hökmünde taryha girdi. Häzirki wagtda onuň «Instagram», «Facebook», «Twitter», «YouTube», şeýle-de «Weibo« we «Kuaishou» (Hytaý) sosial sahypalaryny yzarlaýan ulanyjylaryň sany 1 milliarddan geçdi. Ýöne bu dünýäniň ilatynyň 1 milliarddan gowragy ony yzarlaýar diýildigi däldir. Çünki ulanyjylaryň aglabasy meşhur futbol ýyldyzynyň ähli sosial sahypalaryny yzarlaýarlar. Ronaldunyň 1 milliardlyk sepgide ýetmegine golaýda onuň «YouTube» sahypasynyň açylmagy hem uly itergi berdi. Bu sahypa ilkinji bir hepdede 50 milliondan gowrak yzarlaýjy toplady.

Ýeri gelende bellesek, bu ugurda ikinji orun 690 million yzarlaýjysy bolan aýdymçy Selena Gomeze, üçünji ýer bolsa ýene bir futbol ýyldyzy Lionel Messä (623 million) degişli.

Taýýarlan: Ismail MÄMMEDOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar